Hatami:duşmanlar Eýranyň goranyş kuwwatlylygyny peseltmegiň yzyndadyrlar
Eýranyň goranmak ministri eziji düzgüniň Eýrana garşy duşmançylyklaryna yşarat edip duşmanlar Eýrany goranyş taýdan ejizletmegiň yzyndadyrlar diýdi.
şu gün Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami Tehranda Malek Aştar ýokary okuw jaýnda eden çykyşynda eziji düzgüniň Eýrana garşy hereketlerinden maksat Eýranyň goranyş başarjaňlyklaryny we ýaragly güýçlerini ejizletmekdir diýip nygtady.
sertip Hatami şeýle-de senagata ýöriteleşdirilen Malek Aştar ýokary okuw jaýyň ýokary ornuna yşarat edip bu ýokary okuw jaý ýurdyň goranyş senagaty baradaky çynlakay gerekliklerini üpjün etmelidir diýip sözüne goşdy.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi ýolbaşçysy 2016-nji ýylyň 31-nji Awgustynda Eýranyň goranmak ministri,goranmak ministrliginiň jogapkärleri we ekspertleri bilen geçiren duşuşyklarynda goranyş başarjaňlygynyň artdyrylmagyny Eýran Yslam Respublikasynyň belli haky hasaplapdy.