Tähranyň juma namazyny hatyby: Üç ada Eýranyň hemişelik adalarydyr
Tähranyň juma namazynyň ymamy: Üç ada hemişelik eýranlydyr we hiç kim olara goşulmak islemeýär we şu wagta çenli goşulmandyklary ýaly mundan soňra hem hiç zat edip bilmezler diýdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, Pars aýlagy bilen serhetleşýän ýurtlaryň resmileriniň Bumosa, Uly Tunb we Kiçi Tunbdan ybarat bolan üç adasy baradaky käbir sözlerine yşarat edip bu adalar Eýranyň eýeçiligindedir we muňa garamazdan iň gadymy resminamalarda Pars aýlagynyň suw ýoly hem şol at bilen atlandyrylýar.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Eýrana garşy sanksiýalaryň dowam etmegi barada gürrüň gozgap, Ýewropa, Amerika we olaryň ýaranlary Eýrany izolirlemek maksady bilen sanksiýalar ýaryşyna başladylar, emma bu maksada asla ýetip bilmezler diýdi.
Aýatolla Hatami, şeýle hem, Iňlisiň wekiller parlamentynyň Yslam rewolýusiýa gorag korpusyna sanksiýa bermekdäki hereketine ünsi çekmek bilen Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy, Ýaragly Güýçler, Basij we Goranmak ministrligi Eýran halkynyň güýçli ýaraglary golydyrlar we sanksiýa girizmek we terrorçy diýmek, Eýran halkyna garşy pozisiýasyny yglan etmekdir diýdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy fransuz "Charlie Hebdo" žurnalynyň kemsidiji hereketi barada-da hem şeýle diýdi: Bu gödek neşir, häkimiýete we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna hormat goýmazlyk bilen millionlarça musulmanlarynyň ynançlaryny kemsitdi.