Gasemi:britaniýa döwleti Ýemen uruşynda hüjümçi tarapy goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2015-gasemi_britaniýa_döwleti_Ýemen_uruşynda_hüjümçi_tarapy_goldaýar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýemende uruşy togtatmak barada berýän şygarlaryna garamazdan Iňlis döwleti Ýemen uruşynda hüjümçi tarapy goldamak üçin halkara mümkinçiliklerden peýdalanýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 26, 2018 15:36 Asia/Ashgabat

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýemende uruşy togtatmak barada berýän şygarlaryna garamazdan Iňlis döwleti Ýemen uruşynda hüjümçi tarapy goldamak üçin halkara mümkinçiliklerden peýdalanýandyr diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçynyň Londona gurnan saparynda dürli meseleler şol sanda Ýemen uruşy barada gürrüň bolandyr diýdi.

Gasemi şeýle-de ele gelen pursatlardan Ýemen dartgynlylygyny çözmek ugurda haýyrlanyljakdyr diýmek bilen Iňlis döwleti dogryçylyk esasynda amal edýän däldir we Ýemen uruşynda hüjümçi tarapy goldamak ugurda halkara mümkinçiliklerden peýdalanýandyr diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de şu gün Ýemen hakda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçiriljek maslahat barada gürrüň gozgap,Eýran Ýemene garşy hüjümiň togtadylmagyny isleýändir we karar hatlaryň çykarylmagy Ýemende ýagdaýynyň gowlaşdyrylmagyna hiç hili kömegi etmez diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň ýene bir bölüminde Eýran,Orsýet we Türkiýäniň ýokary derejeli resmileriniň Maý aýynda Türkiýede duşuşyp Siriýada howpsyzlygy berkarar etmek barada gürrüň etjekdiklerini habar berdi.