Eýran bilen Serbiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2017-eýran_bilen_serbiýanyň_daşary_işler_ministrleriniň_duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministri Tehran döwletiniň köpugurlarda şol sanda syýasy,ykdysady, medeni we parlament ugurlarda Serbiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 26, 2018 18:09 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Serbiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Eýranyň daşary işler ministri Tehran döwletiniň köpugurlarda şol sanda syýasy,ykdysady, medeni we parlament ugurlarda Serbiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.

şu gün Muhammet jawad Zarif Serbiýanyň paýtagty Belgratda bu ýurduň daşary işler ministri Iwitsa daçiç bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň prezidentiniň çakylygyny Serbiýaly kärdeşine ýetirmekçidigini aýdyp Eýran bilen Serbiýanyň arasynda wiza ýatyrylsa we göni uçuşlar berkarar edilse iki ýurduň söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Zarif şeýle-de Eýran bilen Serbiýa nebit, gaz, petrohimiýa, magdan, aragatnaşyklar senagaty, oba hojalyk we başga düýpgurluşyklar ugurlarda hem hyzmatdaşlyk edip biljekdirler diýip sözüne goşdy.

Serbiýanyň daşary işler ministri i Iwitsa daçiç  hem bu duşuşykda Eýran bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge Belgrad döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.