Ärdogan: Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar möhüm we ýokary derejededir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20200-Ärdogan_tähran_bilen_ankaranyň_arasyndaky_gatnaşyklar_möhüm_we_ýokary_derejededir
Türkiýäniň prezidenti, Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklary möhüm we ýokary derejede hasaplady.
(last modified 2023-01-18T02:13:21+00:00 )
Jan 18, 2023 07:13 Asia/Ashgabat
  • Ärdogan: Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar möhüm we ýokary derejededir

Türkiýäniň prezidenti, Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklary möhüm we ýokary derejede hasaplady.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian sişenbe güni syýasy wekiliýetiň başynda Türkiýäniň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak we gepleşik geçirmek üçin bu ýurduň paýtagty Ankara gitdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen bolan duşuşygynda, Tähranyň Astana gepleşiklerinde rolunyň möhümdigini belläp, Eýranyň täze çemeleşmelere netijeli goşant goşup biljekdigini aýtdy.

Şeýle hem Türkiýäniň prezidenti, Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi we ýakyn wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini myhman aljakdygyna umyt bildirdi.

Bu duşuşykda Amir Abdollahian Tähranyň Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda maksatly çägine ýetmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri, Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň başlamagyna kanagatlanma bildirip, bu etabyň iki ýurduň arasynda parahatçylyga we durnuklylyga alyp barjakdygyna umyt bildirdi.

Bu duşuşykda Ärdogan we Amir Abdollahian, şeýle hem, Eýran-Türkiýe gatnaşyklary boýunça ýokary komissiýanyň sekizinji ýygnagyny geçirmegiň, Kawkaz boýunça 3 + 3 ýygnak geçirilmeginiň, Eýran-Yrak-Türkiýe ýurtlarynyň üç taraplaýyn hemde  Eýran-Türkiýe-Azerbaýjan ýurtlarynyň üç taraplaýyn ýygnaklarynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.