General-maýor Salami: Ýewropalylar öňki ýalňyşlyklaryny gaýtalamaly däldirler
(last modified Sat, 21 Jan 2023 12:47:55 GMT )
Jan 21, 2023 17:47 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Salami: Ýewropalylar öňki ýalňyşlyklaryny gaýtalamaly däldirler

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş serkerdesi, Ýewropa Parlamentiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adyny "terrorçylyk guramalary" diýip atlandyrýan sanawyna girizmek baradaky tutanýerli hereketine jogap edip, Ýewropalylar öňki ýalňyşlyklaryny gaýtalamaly däldirler diýip aýtdy.

Çarşenbe güni, 18-nji ýanwarda Ýewropa Parlamentiniň wekilleri Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyny Ýewropa Bileleşiginiň terrorçy toparlarynyň sanawynda ykrar etmek baradaky teklibi goldadylar.

Ýewropa Parlamentiniň kararlary teklipler hasaplanýar we haýyşlar görnüşindedir.

"Sepah News" -yň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasy Goragçylarynyň Baş serkerdebaşysy general-maýor Huseýin Salami, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf bilen duşuşykdan soň eden çykyşynda, eger-de Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň esasan hem Kuds güýçleriniň we Şehit Soleýmanyň ýolbaşçylygynaky jan aýamazlyklary bolman bolsady, elbetde hökman, Amerikalylar tarapyndan döredilen terrorçylyk wulkany ýewropalylara täsir ederdi we häzirki wagtda Ýewropada agdyklyk edýän howpsuzlyk ýok bolardy diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi şeýle-de Amerika we Ýewropa, palestinalylaryň kanuny goragyny terrorçylyk we sionistleriň çozmagyny kanuny gorag diýip hasaplaşylary ýaly! Ýemen halky territorial we syýasy bitewiligini goramagy terrorçylyk diýip hasaplap we Al Saudyň we onuň ýaranlarynyň çozmagyny kanuny gorag hasaplaşylary, edil şonuň ýaly-da, eýran halky we IRGC-yň öz gymmatlyklaryny goramagy terrorçylyk diýip hasaplaýarlar we özlerini terrorçylyga garşy görkezýändiklerine garamazdan terrorçylygy goraýarlar diýdi.

Sardar Salami şeýle-de Ýewropanyň iki gezek jahan urşuna gatnaşandygyny we şu gün öňki uruşlaryň harabalyklarynda täze Ýewropanyň emele gelendigine yşarat edip Ýewropa ozalky ýalňyşlyklaryndan sapak almady we şeýle sözler bilen imanyň, ynamyň, güýjüň we erkiň güýji bolan bu ägirt Sepahy sarsdyryp biler diýip pikir edýär diýip sözlerine goşdy.

Galibaf hem Ýewropa Parlamenti rasionalizm penjiresini ýapmak we terrorçylygy goramak ugrunda hereket etmek islese, Mejlis haýsydyr bir hereketi bilen aýgytly çemeleşmäge taýyndyr diýdi.