Amir Abdollahýanyň Mukaddes Guranyň kemsidilmegini ýazgarýan twiti
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şwesiýada Mukaddes Guranyň kemsidilmegini berk ýazgardy.
Daniýanyň aşa sagçy partiýasynyň başlygy Rasmus Paludan polisiýanyň howpsuzlyk çäreleri bilen Stokgolmdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň ýanynda Guranyň bir nusgasyny ýakdy.
Paludanyň bu hereketi musulmanlar we yslam ýurtlary tarapyndan berk ýazgaryldy we Şwesiýanyň hökümeti hem bu hereketiň öňüni almaýandygy üçin tankyt edildi.
Eýran Yslam Respublikasy, Saud Arabystany, Kuweýt, Katar, Päkistan, indoneziýa we Iordaniýa ýurtlary Stokgolmdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde ekstremist tarapyndan Gurany ýakmagy berk ýazgardylar we Şwesiýanyň hökümetini tankytladylar şeýle hem, bu ýurduň polisiýasynyň bu ekstremist adama Gurany kemsidilmegine ýol bermeli däldigini bellediler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian twitde şeýle ýazdy: Şwesiýada ýene-de bolup geçen Mukaddes Guranyň kemsidilmegini we yslam mukaddes zatlaryna ýigrenç ýaýramagyny berk ýazgarýaryn.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri bu twittde şeýle hem, söz azatlygyny goldamak bahanasy bilen dünýädäki musulmanlaryň duýgularyna zyýan ýetirmek we yslamofobiýanyň ýaýradylmagy adam hukuklaryny toslaýan käbir Ýewropa ýurtlarynda adaty bir zada öwrülmeli däldir diýdi.