Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleriniň Gurany kemsitmegi ýazgarýan beýany
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20272-eýranyň_yslam_Şura_mejlisiniň_wekilleriniň_gurany_kemsitmegi_ýazgarýan_beýany
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri bir beýannama boýunça Mukaddes Guran Kerimi kemsitmegi ýazgardylar.
(last modified 2023-01-25T07:19:09+00:00 )
Jan 25, 2023 12:19 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleriniň Gurany kemsitmegi ýazgarýan beýany

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri bir beýannama boýunça Mukaddes Guran Kerimi kemsitmegi ýazgardylar.

Birnäçe ekstremist topar Stokgolmdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde Gurany oda ýakdylar.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri çarşenbe güni geçirilen açyk samitde, söz azatlygyny goldamak baradaky ýalan bahana bilen günbatar döwlet işgärleri ekstremistleriň ellerini mukaddeslere garşy ýigrenji ýaýratmak we öz jemgyýetlerinde yslamofobiýany guramalaşdyrmak-da azat goýýarlar diýip yglan etdiler.

Bu beýannama-da Guran dünýädäki iki milliarddan gowrak musulmanyň ynanjynyň esasyny düzýär, haýsy bir ýurt, dünýäniň musulmanlarynyň ynançlaryny we mukaddesliklerini kemsitmäge nädip we haýsy hukuk pozisiýasyna ýol berýär? diýilip getirilýär.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri, Şwesiýanyň resmi rugsady bilen edilen mukaddes Gurany kemsitmegi berk ýazgarmak bilen, Hyzmatdaşlyk guramasyndan dünýäniň mukaddeslerine garşy guramaçylykly kemsitmelere garşy çäre görmegini islediler.