Zarif Bolgariýanyň prezidenti we premiýer-ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2031-zarif_bolgariýanyň_prezidenti_we_premiýer_ministri_bilen_duşuşdy
Bolgariýanyň prezidenti bu ýurdyň paýtagty Sofiýada Eýranyň daşary işler ministriniň duşuşygynda Bolgariýa döwletiniň Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýörite üns berýänligini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 28, 2018 14:55 Asia/Ashgabat
  • Zarif Bolgariýanyň prezidenti we premiýer-ministri bilen duşuşdy

Bolgariýanyň prezidenti bu ýurdyň paýtagty Sofiýada Eýranyň daşary işler ministriniň duşuşygynda Bolgariýa döwletiniň Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýörite üns berýänligini yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Bolgariýanyň prezidenti Roman Radwow Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň sebitdäki rolyna yşarat edip Orta Gündogarda durnuklylygy berkarar etmek baradaky Eýranyň alyp barýan hereketlerine Sofiýa döwleti goldaw berýändir diýip nygtady.

Radow şeýle-de Bolgariýa bilen Eýranyň medeni,aragatnaşyklar we syýahatçylyk ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini isledi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem bu duşuşykda Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň Bolgariýaly kärdeşini Tehrana sapara çagyrýanlygyny aýdyp Bolgariýa ýurdy tranzit ugurda Eýrana ýokary ähmiýete eýedir we aragatnaşyk ýollaryň ösdürilmegi möhüm bolup durýandyr diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýle-de şu gün Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borissow we ykdysadyýet ministri Emil Karanikolw bilen hem duşuşyp iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.