Sionistleriň Jenin lagerine eden hüjümine Eýranyň Daşary işler ministriniň reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministri Jeniniň garşylyk berkitmesi döredildi we munuň üçin yza gaýdyp bolmaz diýdi.
Penşenbe güni Şabakyň (Ysraýylyň aňtaw we içerki howpsuzlyk gullugy) gönüden-göni gatnaşmagy bilen Sionist režimiň goşuny Jenin lagerine hüjüm edip, 10 palestinalyny şehit edip 20 adamy ýaralady.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, sionist goşunyň Jenin lagerine eden hüjümine we 10 palestinalynyň şehit bolmagyna jogap edip, twitterde şeýle ýazdy: "Sionist režimiň Jenin lagerindäki wagşyçylykly hüjümi we Palestinalylary gyrmagy halkara jemgyýetçiliginiň we yslam ýurtlarynyň jenaýatçylara garşy gyssagly çäre görmegini talap edýär".
Täze döredilen "Benýamin Netanýahu" kabineti, Sionist režiminiň 75 ýyllyk taryhynda iň ekstremist kabinetdir we onuň käbir ministrleri şol sanda Içeri howpsuzlyk ministri aç-açan jynsparaz, terrorist we zor aýdyjydyr.
Bu ministrlik palestinalylara garşy zorlugyň artýandygyny resmi taýdan nygtaýar we bu zorluk üçin ähli gurallaryny ulanýar.