Kanani Çafi Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasyndaky ýaragly hereketi ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasynyň girelgesindäki ýaragly hereketi berk ýazgarmak bilen bu hereket gynansak-da bir adamyň ölümine sebäp boldy diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi, ilçihananyň öldürilen agzasynyň maşgalasyna, şeýle hem Azerbaýjan respublikasynyň hökümetine we halkyna gynanjyny we çuňňur duýgudaşlygyny bildirmek bilen polisiýa we howpsuzlyk güýçleri derrew goşulyp, hüjümçini tussag etdiler diýip yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýranyň syýasy we howpsuzlyk edaralarynyň ýörite buýrugy bilen bu hereketiň ölçeglerini we hüjümçiniň hüjüminiň sebäbini kesgitlemek üçin bu mesele ýokary ähmiýetli we duýgurlyk bilen derňelýär diýdi.
Kanani Chafi sözüniň dowamynda degişli edaralar we jogapkärleriň tarapyndan geçirilen deslapky derňewleriň netijesi hüjümçiniň şahsy sebäplerini görkezdi we degişli hukuk goraýjy edaralaryň, howpsuzlyk we kazyýet edaralarynyň derrew bu meselä girişmegi sebäpli habar beriş serişdelerine ygtybarsyz habarlary we çaklamalary çap etmezlik maslahat berilýär diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de has jikme-jik maglumat derňew işleri tamamlanandan soň çap ediler diýdi.
Şu gün irden (anna) Praid ulagy Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasynyň öňünde saklandy we ýarag ulanandan soň ilçihananyň binasyna girmegi başardy we hüjümçi ilçihana hüjüm edensoň, Azerbaýjan respublikasyndan bir adam öldi, 2 adam ýaralandy.
Tähranyň Jenaýat işleri prokuraturasynyň başlygynyň sözlerine görä, deslapky derňewler bu adamyň Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasyna şahsy sebäp bilen hüjüm edendigini görkezýär.