Harrazi: Arabystanyň hemaýatçylary biabraý bolandyrlar
daşary gatnaşyklar boýunça Eýranyň strategik geňeşiniň başlygy Ýemene garşy hüjümde Arabystana goldaw berýän ýurtlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde Eýrana garşy rezolýusiýany tassyklamakda şowsuzlyga uçrap biabraý bolandyrlar diýdi.
şu gün kamal harrazi Eýranyň tele-radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde BMG-niň howpsuzlyk geňeşinde Britaniýanyň Eýrana garşy kararhatyň taslama ýazgysyny ileri sürenligine yşarat edip bu hereket ýemene garşy amala aşyrylýan jenaýatlaryň üstüni basyrmak niýeti bilen amala aşyrlandyr we Orsýet hem ony weto edendir diýip nygtady.
Harrazi şeýle-de gynansakda dünýäde parahatçylygy berkarar etmek niýeti bilen döredilen halkara guramalar adamzada garşy maksatlary yzarlaýan döwletleriň erkindedirler diýip sözüne goşdy.