Salehi: ýadro ylalaşygy amala aşyrylmasa Eýran garşydaky taraplaryny haýrana goýjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i204-salehi_ýadro_ylalaşygy_amala_aşyrylmasa_eýran_garşydaky_taraplaryny_haýrana_goýjakdyr
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy ýadro ylalaşygyň bütin taraplaryň bähbidinedigini aýdyp onuň goralmagyny nygtady.ol şeýle-de ýadro ylalaşygy bozulan ýagdaýynda Eýran garşydaky taraplaryny haýrana goýjakdyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 12, 2017 18:11 Asia/Ashgabat
  • Salehi: ýadro ylalaşygy amala aşyrylmasa Eýran garşydaky taraplaryny haýrana goýjakdyr

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy ýadro ylalaşygyň bütin taraplaryň bähbidinedigini aýdyp onuň goralmagyny nygtady.ol şeýle-de ýadro ylalaşygy bozulan ýagdaýynda Eýran garşydaky taraplaryny haýrana goýjakdyr diýip yglan etdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Ali Akbar Salehi Tehraniň reaktornyň ulanyşa berilen gününiň 50-nji ýyllygy mynasybetli geçirlen dabarada beren gürrüňlerinde ýadro gepleşiklerinde garşydaky taraplaryň yraryndan dänmekleri ahmal bolansoň öňki tapgyra öwrilmäge Eýran ýoly açyk goýandyr sebäbi hoşgümanlik bilen bu gepleşiklere gatnaşandäldir diýip nygtady.

Salehi sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy Eýran, halkara köpçüligi hemde NPT şeretnamasynyň berkidilmegi üçin möhümdir diýip beýan etdi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi şeýle-de 10 milliard dolla maýagoýumlyk edilmegi bilen Eýranda ýene iki ýadro stansiýasy guruljakdyr diýip habar berdi.