Raisi: Duşman hökümetiň we Eýranyň halkynyň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak ugrundaky hereketlerine gaharlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bulam-bujarlygy we sanksiýalary bir teňňäniň iki tarapy hasaplap duşmanyň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak ugrundaky hökümetiň we Eýranyň halkynyň edýän hereketlerine gaharlydygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni agşam, Mubarek Fajr onlygynyň gelmegini gutlap, halk bilen sekizinji göni ýaýlymda eden çykyşynda ýurtda bolup geçen soňky bidüzgünçilikleriň sebäplerinden biri, duşmanyň döwlet işgärleriniň hereketleri we Eýran halkynyň pozisiýasy bilen sanksiýalarynyň netijesizdigine düşünmegidir diýip nygtady.
Raisi, Eýranyň nebit eksportynyň ýokarlanmagyny, önümçiligiň bäş göterim ösüşini, bir milliona golaý iş ýeriniň döredilmegini we sanksiýalara garamazdan inflýasiýanyň peselmegini duşmanyň Eýranyň hökümetine we halkyna gahar etmeginiň sebäbi hökmünde görkezdi.
Raisi, şeýle hem, Eýranda bolup geçen soňky bidüzgünçiliklerde daşary ýurt platformalarynyň roluna ünsi çekdi we Eýranda daşary ýurt platformalary tarapyndan howpsuzlygyň döredilmegi sebäpli bu platformalaryň ýurtdaky işi üçin çäklendirmeleriň döredilendigini aýtdy. dünýäde, daşary ýurtlardaky, platformalaryň içerde bidüzgünçilik döretmegine rugsat berilýan däldir diýip nygtap geçdi.