Raisiň Türkiýäniň we Siriýanyň prezidentlerine gynanç haty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20468-raisiň_türkiýäniň_we_siriýanyň_prezidentlerine_gynanç_haty
ýran Yslam Respublikasynyň prezidenti; Aýry-aýry hatlarda Türkiýäniň we Siriýanyň iki dostlukly we dogan ýurtlarynda bolup geçen ýer titremesi üçin iki ýurduň prezidentlerine we halkyna gynanç bildirdi.
(last modified 2023-02-06T06:32:21+00:00 )
Feb 06, 2023 11:32 Asia/Ashgabat
  • Raisiň Türkiýäniň we Siriýanyň prezidentlerine gynanç haty

ýran Yslam Respublikasynyň prezidenti; Aýry-aýry hatlarda Türkiýäniň we Siriýanyň iki dostlukly we dogan ýurtlarynda bolup geçen ýer titremesi üçin iki ýurduň prezidentlerine we halkyna gynanç bildirdi.

Prezident Seýid Ybraýym Raisi şu gün (duşenbe) aýry-aýry hatrlarda Türkiýäniň we Siriýanyň iki dostlukly we dogan ýurtlarynda bolup geçen ýer titremesi üçin iki ýurduň prezidentlerine we halkyna gynanç bildirmek bilen Eýranyň gyssagly kömegini bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Şu gün 7,8 ball ululykda ýer titremesi Türkiýäniň günortasynda Siriýa bilen serhetleşýän birnäçe welaýaty sarsdyrdy we iki ýurtda-da agyr ýitgi çekdi.

Bu hadysadaky maliýe ýitgileriniň takyk mukdary entek neşir edilmedi, ýöne ölenleriň we ýaralananlaryň sany her pursatda köpelýär.

Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesinde ölenleriň sany şu wagta çenli 630 adama ýetdi.

Seýid Ýbraýym Raisi, Türkiýäniň we Siriýanyň prezidentleri Rejep Taýyp Äärdogan we Başar Assada iberen aýry-aýry ýüzlenmelerinde iki ýurtda bolup geçen ýer titremesiniň ýürekgysgynç wakasyny we raýatlarynyň köpüsiniň ölümine we ýaralanmagyna sebäp bolandygyny şeýle hem gaty zyýanlaryň ýetişmegini, bu ýurtlaryň hökümetlerine we halkyna gynanç bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" hem iki dostlukly, goňşy we musulman ýurtlarynyň, Türkiýe we Siriýanyň sebitlerinde güýçli ýer titremesiniň ýüze çykmagyna we iki ýurduň raýatlarynyň köpüsiniň ölmegine çuňňur gynanç bildirmek bilen agzalan iki ýurduň hökümetlerine we halklaryna duýgudaşlyk bildirdi.