Kazemi Komi: Eýranyň we Russiýanyň garaýşy sebitara ýakynlaşmak üçin amatly pursat
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20522-kazemi_komi_eýranyň_we_russiýanyň_garaýşy_sebitara_ýakynlaşmak_üçin_amatly_pursat
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi we Prezidentiniň Owganystandaky ýörite wekili: Eýran bilen Russiýanyň Owganystan meselesindäki umumy garaýyşlary sebitara ýakynlaşmak üçin gowy mümkinçilik döretdi diýdi.
(last modified 2025-04-07T10:38:32+00:00 )
Feb 10, 2023 10:12 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi we Prezidentiniň Owganystandaky ýörite wekili: Eýran bilen Russiýanyň Owganystan meselesindäki umumy garaýyşlary sebitara ýakynlaşmak üçin gowy mümkinçilik döretdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi we Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili "Hasan Kazemi Komi", EýranPress habar gullugyna Moskwada beren interwýusynda bagtymyza, Eýran bilen Russiýanyň terrorçylyga garşy göreş, basyp alyşlyga garşy göreş, basyp alyjy weýrançylykly syýasatlar we Owganystanyň geljekde sebit ýurtlary üçin üstaşyr geçelgesi boljakdygy we Owganystanyň täzeden gurulmagy barada umumy pikiri bar diýdi.

Eýranyň Owganystandaky ilçisi şeýle-de Moskwada Owganystan barada geçirilen sebitleýin ýygnakda Talybany hemmetaraplaýyn hökümet gurmaga höweslendirmek barada umumy pikir bardy diýdi.

Kazemi Komi şeýle hem goňşy ýurtlaryň Owganystanyň ösüşi we täzeden gurulmagy bilen birlikde durnuklylyga we howpsuzlyga goşant goşmalydygyny aýtdy.

Eýranyň Owganystandaky ilçisi sözüniň dowamynda Amerikanyň we onuň ýaranlarynyň Owganystany ýigrimi ýyllap basyp alan döwründe alyp barýan syýasatlary durnuklylygy we howpsuzlygy gözlemeýändigini eýsem howpyň dowam etmegi we terrorçylygyň ýaýramagy bu ýurtlaryň maksadydygyny görkezdi diýdi.

Çarşenbe güni Moskwada Russiýa, Eýran, Hindistan, Hytaý, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň sekretarlarynyň we milli howpsuzlyk geňeşçileriniň gatnaşmagynda bäşinji sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleri geçirildi.