Gürgen-de, Yslam agzybirliginiň ikinji sebitleýin ýygnagyny geçirilýär
"Yslam dinlerine ýakynlaşmak we ynkylabyň ikinji ädiminde häzirki zaman yslam siwilizasiýasyny gurmak" ady bilen Yslam agzybirliginiň ikinji sebitleýin ýygnagy Gürgen-de Eýrandan we Yslam dünýäsinden alymlaryň gatnaşmagynda başlandy.
Eýran metbugat habar gullugynyň habaryna görä, Yslam dinleriniň ýakynlaşmak boýunça Bütindünýä ýygbnagynyň tagallasy bilen geçirilýän Yslam agzybirliginiň ikinji sebitleýin ýygnagyna Eýrandan we Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Gazagystandan birnäçe sünni we şaýy alymy gatnaşdy.
Eýranyň Golestan welaýatynyň häkimi "Ali Muhammet Zanganeh", konferensiýanyň başynda konferensiýanyň myhmanlaryny garşylamak bilen, Golestanyň etnik toparlaryň älemgoşarydygyny we bu welaýatyň hemmeleriň jebisligi bilen asuda durmuş üçin esas döredendigini aýdyp bu welaýatyň etnik toparlary we beýleki ýurtlar üçin görelde bolup biljekdigini aýtdy.biler.