Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: 22-nji Bahman taryhy boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20610-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_lideri_22_nji_bahman_taryhy_boldy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň bir topary bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: 22-nji Bahman taryhy boldy.
(last modified 2023-02-15T05:30:49+00:00 )
Feb 15, 2023 10:30 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: 22-nji Bahman taryhy boldy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň bir topary bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: 22-nji Bahman taryhy boldy.

1356-njy ýylyň 29-njy Bahmanda Töwriz halkynyň taryhy gozgalaňynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda, şu gün (çarşenbe) Gündogar Azarbaýjan welaýatyndan bir topar adamy Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda, Aýatolla Hameneýi 22-nji Bahman ýörişinde halkyň döreden epikine salgylanyp: 22-nji Bahman taryhy boldy; Eýranyň halkyna baş egýärin diýdiler.

Ol Hezretleri sözüniň dowamynda ýurduň hemme ýerinde adamlar hakyky manyda epik döretdiler diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Bu garşydaş propagandanlar, halkyň jany-teni,  bilen duýýan bu kynçylyklary, duşmanlaryň öjükdiriji hereketleri, sowuk howa, ýurduň käbir ýerlerinde howanyň derejesiniň noldan aşakdalygy, bularyň hemmesi imanyň we halkyň düşünjesiniň ýylylygynyň täsirinde äsgermezlik edildi diýip nygtap geçdiler.