Ynkylapyň ýokary lideri: Milletiň 22-nji Bahmandäki sargydy ynkylaby kämil goldamak boldy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri müňlerçe Töwriz halky bilen bolan duşuşygynda Milletiň 22-nji Bahmandäki sargydy çydamlylyk we ynkylaby doly goldaw boldy diýip nygtadylar.
Hezreti Aýatolla Hameneýi,çarşenbe güni müňlerçe Töwriz halky bilen bolan duşuşygynda Azerbaýjanyň halkyny Eýranyň agzybirliginiň we azatlygynyň baýdak göterijileri diýip atlandyrmak bilen Bu hakyky, hyjuwly we baý epos, milletiň ynkylap ugrundaky gyşarnyksyzlygynyň we tutanýerliliginiň netijesidir we Ösüşiň hemde kuwwatlylygyň bu ýoly milli jebislikwe üstünlikleri getiren tagallalara daýanmak bilen dowam eder diýip beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy sözüniň dowamynda Millet ýadawlyk we umytsyzlyk duýman, duşmanyň zarbalaryndan, howplaryndan we hüjümlerinden gorkman, şahsyýetini we beýikligini gorap göni ýoly dowam etdirdi we bu ýolda şu ýyl 22-nji Bahman güni tutuş ýurduň köçelerine çykdylar we dürli sebäpler bilen manyly erjellik görkezdiler we duşmanyň garşysynda berk durandyklartny yglan etdiler diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri mundan başga-da Amerikan we Sionist metbugat imperiýasy bu güýçli sesiň beýleki halklaryň gulagyna ýetmeginiň öňüni almaga synanyşýar, ýöne muny eşitmeli adamlar, ýagny Amerikada, Angliýada we syýasaty ýörediji guramalar Duşmanyň içalylyk merkezleri, bu sesi eşidendirler diýip nygtadylar.