Dünýäniň tozanlarynyň halkara ýygnagynyň gonakdary hökmünde Eýranyň saýlanmagy
Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy, Eýranyň daşky gurşaw pudagyndaky üstünliklerine salgylanyp, bu üstünlikleri Tährany halkara tozan ýygnagynyň gonakdary hökmünde saýlamagyň sebäbi hasaplady.
Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy "Ali Selajgeh" çarşenbe güni döwlet wekiliýetiniň çäginde Eýran Press habar gullugynyň habarçysynyň soragynyň jogabynda Eýranyň daşky gurşaw diplomatiýa ugurda gazanan üstünliklerine yşarat etmek bilen "Yslam respublikasynyň üstünlikli tejribelerine esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasy Eýrany dünýä tozanlary boýunça halkara ýygnagynyň geljekki gonakdary hökmünde saýlady we bu iş Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrylmagy bilen bu ýygnak indiki iýul-awgust aýlarynda Tähranda geçiriler" diýdi.
Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy, şeýle hem eýran çitasynyň çagalarynyň ýagdaýy barada-da şeýle diýdi: Iki sany eýran çitasynyň, dimek Azar we Turan gowy şertdedirler diýdi.