Hubralar mejlisiniň wekilleriniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20698-hubralar_mejlisiniň_wekilleriniň_yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_lideri_bilen_duşuşygy
HUbralar mejlisiniň wekilleri Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşdylar.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Feb 23, 2023 09:52 Asia/Ashgabat
  • Hubralar mejlisiniň wekilleriniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygy

HUbralar mejlisiniň wekilleri Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşdylar.

Liderlik Hubralar mejlisiniň başlygy Aýatolla Ahmad Jannati we bu mejlisiň wekilleri şu gün (penşenbe) Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi bilen duşuşdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri häkimiýetiň berk ilin binýady ähli wezipeli adamlara we alymlara öz derwaýyslygyny subut etdi diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bu belent we örän möhüm mejlisi"Respublikan" bilen "Yslamçylygyň" birleşmeginiň nyşany diýip atlandyrdy we halkyň dürli sahnalarda çalşyp bolmajak, wajyp we üznüksiz huzuryna yşarat edip häkimiýetiň berk we ilin binýady milli baýlykdyr we hudaý tagala ol bilen ýurduň bütin jogapkärleriniň we alymlarynyň subutnamasy höküminde görkezendir we hemmeler hem ony goramakda tagalla etmelidirler diýip nygtap geçdiler.

Ol Hezretleri sözüniň dowamynda Hubralar mejlisiniň ornuny, ähmiýetini we duýgurlygyny ulgamdaky islendik merkezden we topardan has ýokarda hasaplap bu ýygnak ýolbaşçylygy kesgitleýär we aladasy bilen liderlik şertleriniň barlygyny we dowamlylygyny kepillendirýär, şeýle uly wezipe bilermen agzalara agyr ýük berýär diýip beýan etdiler.