Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Ýadro önümlerini eksport etmekçi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20726-eýranyň_atom_energiýasy_guramasynyň_başlygy_Ýadro_önümlerini_eksport_etmekçi
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy ýradro önümleriniň we tehnologiýalarynyň beýleki ýurtlara eksport edilmegini gözleýäris we içerki hünärmenler tarapyndan öndürilen ýadro önümlerini eksport etmek mümkinçiligi bar diýdi.
(last modified 2023-02-26T06:48:41+00:00 )
Feb 26, 2023 11:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Ýadro önümlerini eksport etmekçi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy ýradro önümleriniň we tehnologiýalarynyň beýleki ýurtlara eksport edilmegini gözleýäris we içerki hünärmenler tarapyndan öndürilen ýadro önümlerini eksport etmek mümkinçiligi bar diýdi.

Ýurduň 29-njy ýadro konferensiýasy Tährandaky Şahid Beheşti uniwersitetiniň mejlisler zalynda başlandy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami şu gün (ýekşenbe) Şahid Beheşti uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen 29-njy ýadro konferensiýasynyň çäginde IRIB habar gullugy bilen söhbetdeşlikde ýradro pudagyndaky maksatlar we maksatnamalar bu ugurdaky düzgünlere esaslanýar diýdi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy sözüni dowam etdirip : Ýaradro pudagyndaky çeşmeleriň ösmegine we bu ugurda tehnologiýanyň döredilmegine şaýat bolmak üçin uniwersitetleriň ýadro tehnologiýasy pudagyndaky işleri Atom energiýasy guramasy bilen birleşmeli diýdi.

"Eslami" şeýle-de 1401-nji ýyldaky ýadro üstünliklerine yşarat edip şeýle diýdi: Agyr operasiýalarda ulanylýan we gadagan edilen önüm bolan gan koagulant tozy, şu ýyl (1401) öndürildi we ulanyldy we Azyk we derman serişdeleri guramasynyň şahadatnamasyny aldy, bu önümi häzirem eksport edip bolýar.