Amir Abdollahian: Daşky gurşaw meselesi Günbatar Aziýanyň tutuş sebitine täsir etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20728-amir_abdollahian_daşky_gurşaw_meselesi_günbatar_aziýanyň_tutuş_sebitine_täsir_etdi
Eýranyň Daşary işler ministri sebitiň daşky gurşaw meseleleriniň netijeleri diňe belli bir ýurda gönükdirilmän, eýsem tutuş Günbatar Aziýa sebitine täsir edendigini aýtmak bilen daşky gurşaw hyzmatdaşlygyndan gaça durmak hiç bir ýurt üçin çözgüt däldir diýdi.
(last modified 2023-02-26T07:53:50+00:00 )
Feb 26, 2023 12:53 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Daşky gurşaw meselesi Günbatar Aziýanyň tutuş sebitine täsir etdi

Eýranyň Daşary işler ministri sebitiň daşky gurşaw meseleleriniň netijeleri diňe belli bir ýurda gönükdirilmän, eýsem tutuş Günbatar Aziýa sebitine täsir edendigini aýtmak bilen daşky gurşaw hyzmatdaşlygyndan gaça durmak hiç bir ýurt üçin çözgüt däldir diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian ýekşenbe güni Tähranda geçirilen diplomatiýa we serhetüsti ekologiýa meseleleri boýunça ilkinji milli konferensiýa ýüzlenip: Daşky gurşawyň mümkinçilikleri we täzeden gurmak ukyby, bu ylahy peşgeşe adamyň gatyşmagy netijesinde dörän weýrançylyk mukdary bilen deň gelmeýär diýdi.

Amir Abdollahian şeýle-de adamyň köp isleýjiliginiň we tebigata bolan söýginiň ýoklugy, dünýä halkynyň häzirki wagtda ýerli derejeden halkara derejesine çenli ýüzbe-ýüz bolýan köp kynçylyklarydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary syýasatynyň başlygy sözüniň dowamynda adamyň daşky gurşawyň tebigy sikllerine gatyşmagy we onuň weýran bolmagy şol sanda suw baýlyklarynyň, energiýa çeşmeleriniň ýerliksiz dolandyrylmagy we territorial weýrançylyklar jemgyýetleriň ösüşine we howpsuzlygyna hakyky we derwaýys aladalary döretdi; Beýleki tarapdan, harby gatyşmalar, uruş we terrorçylyk ähli weýran ediji täsirlerinden başga-da daşky gurşawyň giňden ýok edilmegine we infrastrukturanyň weýran bolmagyna sebäp bolan elhenç üçburçlugy emele getirdi diýdi.