Raisi: Yrak goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da howp abanýan ýer bolmaly däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yragyň goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da haýbat atylýan ýer bolmaly däldigini aýdyp Eýran, Yrak hökümetiniň bu ýurduň ykdysady we harby taýdan täzeden gurulmagy ugrundaky tagallalaryny goldaýar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Yragyň Goranmak ministri Tabet Muhammet Said Reza Al-Abasi bilen Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň serhedini dostluk we hyzmatdaşlygyň serhedi diýip atlandyrmak bilen Eýran Yslam Respublikasy Yragyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hasaplaýar we bu ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegi goldaýar diýip yglan etdi.
Yragyň Goranmak ministri Thabet Muhammet Said Reza al-Abasi hem Eýranyň daşary ýurtly çozuş wagtynda Yrak halkyna doly goldaw berendigine minnetdarlyk bildirmek bilen Bagdat pursatparaz elementleriň iki ýurduň serhetlerine we ýerlerine howp salmagyna ýol bermez diýip yglan etdi.