Raisi: Yrak goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da howp abanýan ýer bolmaly däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20730-raisi_yrak_goňşularyna_garşy_dildüwşük_ýa_da_howp_abanýan_ýer_bolmaly_däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yragyň goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da haýbat atylýan ýer bolmaly däldigini aýdyp Eýran, Yrak hökümetiniň bu ýurduň ykdysady we harby taýdan täzeden gurulmagy ugrundaky tagallalaryny goldaýar diýdi.
(last modified 2023-02-27T06:40:01+00:00 )
Feb 27, 2023 11:40 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Yrak goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da howp abanýan ýer bolmaly däldir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yragyň goňşularyna garşy dildüwşük ýa-da haýbat atylýan ýer bolmaly däldigini aýdyp Eýran, Yrak hökümetiniň bu ýurduň ykdysady we harby taýdan täzeden gurulmagy ugrundaky tagallalaryny goldaýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Yragyň Goranmak ministri Tabet Muhammet Said Reza Al-Abasi bilen Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň serhedini dostluk we hyzmatdaşlygyň serhedi diýip atlandyrmak bilen Eýran Yslam Respublikasy Yragyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hasaplaýar we bu ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegi goldaýar diýip yglan etdi.

Yragyň Goranmak ministri Thabet Muhammet Said Reza al-Abasi hem Eýranyň daşary ýurtly çozuş wagtynda Yrak halkyna doly goldaw berendigine minnetdarlyk bildirmek bilen Bagdat pursatparaz elementleriň iki ýurduň serhetlerine we ýerlerine howp salmagyna  ýol bermez diýip yglan etdi.