Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygy, Eýran Beýik lideriniň umumy günägeçişini öwdi
Mar 01, 2023 06:17 Asia/Ashgabat
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygy, Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýran Beýik lideriniň umumy günägeçişini öwdi we şeýle diýdi: “Eýran Yslam Respublikasynyň bu hereketi öwgä mynasyp.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Ženewa saparynyň ikinji gününde sişenbe güni agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygy Saba Krosi bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Bu duşuşykda Saba Krosi sanksiýalar sebäpli Eýranyň öňünde durýan kynçylyklara garamazdan bäş milliondan gowrak owgan bosgunyny kabul edendigine ýokary baha berdi.