Raisi: Buşehr welaýaty, Eýranyň energiýa pudagynda ilkinji bolup durýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň günortasyndaky Buşehr welaýatynyň ýurtda we sebitde energiýa pudagynda birinji orny eýeleýändigini aýtmak bilen Buşehr deňiz ykdysadyýeti, oba hojalygy we beýleki köp ugurlarda möhüm orny eýeleýär diýdi.
Welaýat saparlarynyň ikinji tapgyrynyň üçünji nokadynda, prezident şu gün irden (penşenbe) Eýranyň günortasyndaky Buşehr welaýatyna bardy we ymam juma we Buşeriň häkimi tarapyndan garşylandy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýid Ebrahim Raisi" penşenbe güni Buşehr welaýatyna baranda eden çykyşynda bu welaýatyň köp mümkinçilikleri bar, şolardan biri bu welaýatyň netijeli we başarjaň adamlarydyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de iş saparlaryndan we taslamalary baryp görmek başga-da, bu saparda Buşehr halky bilen duşuşymak hem gün tertibindedir diýdi.