Eslami: Grossiniň Eýrana eden sapary, Eýran bilen Agentligiň arasyndaky professional gatnaşyklaryň sargydydyr
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiriniň Eýrana eden sapary Tähranyň Agentlik bilen professional iş gatnaşyklarynyň habarydyr diýdi
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Atom energiýasy guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" şenbe güni Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri "Rafael Grossi" bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, biziň üçin möhüm bolup durýan zat, aragatnaşyk we hasabatlaryň elmydama ygtybarly bolmagydyr diýdi.
Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy şeýe-de sözüniň dowamynda Halkara Atom Energiýasy Guramasy, howpsuzlyk çäreleriniň çäginde Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly borçlaryny dowam etdirmelidir diýip beýan etdi.
Eslami şeýle-de geçen hepde Şehid Beheşti uniwersitetinde 29-njy milli ýadro konferensiýasy geçirildi we 30-njy konferensiýa agentlik bilen hyzmatdaşlykda bolar diýdi.
Rafael Grossi anna güni Tähranyň Mehrabad howa menziline geldi we Atom energiýasy guramasynyň metbugat sekretary "Behrouz Kamalvandi" tarapyndan resmi garşylandy.