Russiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýadro şertnamasy babatdaky pozisiýalary
(last modified Thu, 09 Mar 2023 11:12:31 GMT )
Mar 09, 2023 16:12 Asia/Ashgabat
  •  Russiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýadro şertnamasy babatdaky pozisiýalary

Atom Agentligiň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinde Russiýa we Ýewropa Bileleşigi ýadro şertnamasynyň dikeldilmegini talap etdiler.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň möwsemleýin mejlisinde Russiýa we Ýewropa Bileleşigi sanksiýalary ýatyrmak we ýadro şertnamasyny janlandyrmak baradaky gepleşiklere gaýdyp gelmek bilen baglanyşykly pozisiýalary kabul etdiler.

Atom energiýasy gullugynyň Dolandyryjy geňeşiniň mejlisinde Russiýa Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky Wena gepleşiklere gaýdyp gelmegini isledi. Wenada ýerleşýän halkara guramalarynda Russiýanyň wekili Mihail Ulýanow Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjy Geňeşiniň mejlisinde Eýranyň ýadro maksatnamalry hakdaky Günbataryň talaplaryna jogap berdi. Ulýanow öz beýanynda: "Eýran hakdaky aladalaryň çözülmegi üçin Wena gepleşiklerine gatnaşyjylar Wena gaýdyp, ýadro şertnamanyň taslamany  birnäçe günüň içinde dikeltmeli diýdi.

Beýleki tarapdan, Ýewropa Bileleşigi hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň mejlisinde ýadro şertnamany durmuşa geçirmek üçin Brýusseliň syýasy we diplomatik taýdan maýa goýjakdygyny mälim etdi. Brýussel bu beýannamasynda Eýranyň ýadro işjeňliginiň güýçlenmegi netijesinde sebitde ýadro ýaragynyň ýaýramagynyň ähtimalynyň ýokarlanýandygyny toslandyr.

Russiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýadro şertnamasyna bolan oňyn pozisiýasy we oňa gaýdyp gelmegiň zerurlygy birnäçe hadysany göz öňünde tutup analiz edilip bilner. Ilki bilen, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grosiniň Tährana eden saparynyň oňyn habarydyr.

Elbetde, 4 + 1 toparynyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzalary hökmünde Germaniýadan, Fransiýadan we Angliýadan ybarat Ýewropa üçlüginiň Eýranyň bidüzgünçiliklerine gatyşmaklarydyr. Elbetde, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbataryň doly goldawy bilen ýüze çykan bidüzgünçilikler ýeňilendir. Günbatarlylar soňky bidüzgünçilikleriň Eýrana basyş etmek üçin iň oňat mümkinçilik döredendigini aýtdylar we bu nukdaýnazardan günbatar resmileri, esasanam amerikalylar ýadro şertnamanyň gepleşikleriniň indi ileri tutulmaýandygyny we gün tertibinde däldigini birnäçe gezek yglan etdiler. Emma indi Eýranda bulam-bujarlyk taslamasy başa barmansoň, şertnamanyň dikeldilmegini talap etýärler.

 

Tags