General Salami: sahnada eýran halkynyň bolmagy duşmany lapykeç etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20896-general_salami_sahnada_eýran_halkynyň_bolmagy_duşmany_lapykeç_etdi
Yslam Rewolýusiýasy Goragçylary Korpusynyň baş serkerdesi, Eýran halkynyň duşmanlaryň öňünde göreldeli ornunda durmaklary babatly minnetdarlygyny bildirmek bilen şeýle diýdi: Eýran halkynyň sahnada bolmagy duşmany lapykeç etdi.
(last modified 2023-03-12T08:07:08+00:00 )
Mar 12, 2023 13:07 Asia/Ashgabat
  • General Salami: sahnada eýran halkynyň bolmagy duşmany lapykeç etdi

Yslam Rewolýusiýasy Goragçylary Korpusynyň baş serkerdesi, Eýran halkynyň duşmanlaryň öňünde göreldeli ornunda durmaklary babatly minnetdarlygyny bildirmek bilen şeýle diýdi: Eýran halkynyň sahnada bolmagy duşmany lapykeç etdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Urmiýada geçirilen Badr we Haýber operasiýalarynda şehit bolanlary hatyralama dabarasynda Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylarynyň serkerdesi general-maýor Huseýin Salami Eýran halkyna garşy görlüp-eşidilmedik basyş we giň gerimli söweşlere yşarat edip, bu duşmançylygyň we basyşyň mukdary adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik zatdyr we eger duşmanlaryň soňky 44 ýylda dünýäniň haýsydyr bir güýçli ýurduna garşy köp sanly operasiýasynyň diňe birisi amala aşyrylan bolsa, bu ýurt we ulgam ýykylardy diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi şeýle-de, Eýran halkynyň çydamlylygynyň sebäbini Ymamyň we ýolbaşçylaryň çydamlylygyna eýermeklik bilmek bilen Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň agyr söweşlere garşy deňi-taýy bolmadyk tutanýerliligi serkerdeleri we esgerleri güýçli we ynamly etdi we Ymamyň bu imany we tutanýerliligi ymmatyň çydamyna sebäp boldy diýdi.