Kanani: köksiz binýat güýçli ýel bilen ýykylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20956-kanani_köksiz_binýat_güýçli_ýel_bilen_ýykylar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režime garşy köçedäki nägileliklere jogap edip twit ýazyp: "Köksiz bimýat ýel bilen ýykylar" -diýdi.
(last modified 2023-03-15T02:05:12+00:00 )
Mar 15, 2023 07:05 Asia/Ashgabat
  •  Kanani: köksiz binýat güýçli ýel bilen ýykylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režime garşy köçedäki nägileliklere jogap edip twit ýazyp: "Köksiz bimýat ýel bilen ýykylar" -diýdi.

Geçen hepdelerde, basyp alnan Palestinanyň demirgazygyndan günortasyna çenli onlarça şäher, şol sanda Tel Awiw, Haýfa, basyp alnan Kudus, Birşeba, Rişon Letzion we Gerzlýa ýaly sionist režimiň sagçy kabinetine garşy demonstrasiýa boldy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" sionist režime garşy geçirilen köçe protestlerine jogap hökmünde şeýle twit ýazdy: "Elbetde, bu Ysraýyldaky dartgynly krizisleriň diňe biri, köksiz binýat güýçli ýel bilen ýykylar".