Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21012-eýranyň_we_türkiýäniň_daşary_işler_ministrleriniň_arasynda_telefon_arkaly_söhbetdeşlik
Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, halkara we sebitara gyzyklanma bildirýän iň möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.
(last modified 2023-03-18T06:39:21+00:00 )
Mar 18, 2023 11:39 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, halkara we sebitara gyzyklanma bildirýän iň möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Baş maglumat we metbugat sekretarynyň habaryna görä, anna güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu bilen söhbetdeş bolanda goňşularyň we sebit ýurtlarynyň oňyn gatnaşygyny sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ösmegi we halkara arenasynda has uly sinergiýa üçin esas hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri hem Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmek baradaky şertnamadan hoşaldygyny aýtmak bilen bu mesele Yslam dünýäsiniň pozisiýalaryny berkitmäge we sebit meselelerini çözmäge kömek etmek üçin yslam ýurtlarynyň arasyndaky sinergiýa getirer diýdi.

Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri şeýle hem gatnaşyklaryň ösüşi we sebit arenasyndaky iki ýurdy gyzyklandyrýan käbir meseleler barada pikir alyşdylar.