Raisi: 1402-nji ýylda hökümetiň esasy meýilnamasy inflýasiýa gözegçilik etmek
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21034-raisi_1402_nji_ýylda_hökümetiň_esasy_meýilnamasy_inflýasiýa_gözegçilik_etmek
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi hökümetiň 1402-nji ýyldaky esasy maksatnamasynyň durnukly ykdysady ösüş bilen birlikde inflýasiýa gözegçilik etmekdigini aýtdy.
(last modified 2023-03-21T06:50:01+00:00 )
Mar 21, 2023 11:50 Asia/Ashgabat
  • Raisi: 1402-nji ýylda hökümetiň esasy meýilnamasy inflýasiýa gözegçilik etmek

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi hökümetiň 1402-nji ýyldaky esasy maksatnamasynyň durnukly ykdysady ösüş bilen birlikde inflýasiýa gözegçilik etmekdigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Seýid Ebrahim Raisi Eýran halkyna iberen Nowruz ýüzlenmesinde 1402-nji ýylyň gelmegini we Nowruzyň mukaddes Remezan aýy bilen gabat gelmegini gutlap: 1401-nji ýyl wakaly ýyl boldy; Onda hem ajy, hem süýji bardy, oňyn we pes taraplar bardy, ýöne bir sözlemde aýtsam, 1401-nji ýyl halkyň güýjüniň, Eýran halkynyň gahrymançylygynyň we aýgytly meýdanlarda parlaklygynyň ýyly boldy diýdi.

Raisi şeýle-de gadyrly halkymyza, täze ýylda hökümetdäki işgärleriňiziň "halkyň durmuşyny gowulaşdyrmak, korrupsiýa garşy göreş, inflýasiýanyň öňüni almak, önümçiligi güýçlendirmek we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak" ýaly wadalary ýerine ýetirmek baradaky tagallalarynyň gije-gündiziň dowamynda üznüksiz boljakdygyna ynandyrýaryn diýdi.

Ol şeýle-de Daşary syýasatda hökümetiň ilkibaşdan çemeleşmesiniň "deňagramly diplomatiýa" we "goňşy syýasaty we sebitliligi dikeltmek" bolandygyny aýtmak bilen 1401-nji ýyl bu syýasatyň netijeli ýyly boldy; Elbetde, 1400-nji ýylyň Şahriwarinden meýilnamalarymyz we syýahatlarymyz şu çarçuwada başlandy, ýöne netijeler 1401-nji ýylda eziz halkymyza mälim boldy diýdi.

Raisi täze dünýäde we täze düzgünde gijä galmagyň ýurduň roluny we statusyny ýitirmegine sebäp boljakdygyny aýtmak bilen Eýranyň sebitdäki pozisiýasy strategiki we çalşyp bolmajak pozisiýadyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de täze dünýä tertibiniň möhüm aýratynlyklaryndan biri, güýçleriň Aziýa yklymyna geçirilmegi hasaplamak bilen Amerikanyň dünýädäki roly we gegemoniýasy azalýar diýip sözlerine goşdy.