Eýranyň demirgazygynda bäş ball ululykda ýer titremesi
Çarşenbe güni öýleden soňra Eýranyň demirgazygyndaky Gülestan welaýatynyň Anbarolum şäherini bäş ball ululykda ýer titremesi sarsdyrdy.
Tähran uniwersitetiniň geofizika institutynyň seýsmografiýa merkeziniň habaryna görä, bu ýer titremesi 22 kilometr çuňlukda bolup geçdi.
Bu ýer titremesiniň güýçliligi şeýle bir uludy welin, günbatar Gülestan welaýatynyň şäherleriniň we Mazandaran welaýatynyň gündogaryndaky şäherleriniň ýaşaýjylary hem muny duýdular.
Gülestan welaýatynyň krizis dolandyryş baş administrasiýasy şu wagta çenli bolup biljek ýitgiler barada hasabatyň alynmandygyny habar berdi.
Anbaralum şäheri Gorgandan 50 km demirgazykda we Ag Galanyň 25 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär we Eýranyň ýurt bölünişigi nukdaýnazaryndan Ag Gala şäherine tabyndir.