Eýranyň ilçisi bilen UNAMA-nyň wekiliniň Owganystanyň meselelerini çözmek baradaky duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21060-eýranyň_ilçisi_bilen_unama_nyň_wekiliniň_owganystanyň_meselelerini_çözmek_baradaky_duşuşygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekilhanasynyň (UNAMA) wekiliniň orunbasary bu ýurduň meselelerini çözmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy nygtadylar.
(last modified 2023-03-24T06:34:11+00:00 )
Mar 24, 2023 11:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ilçisi bilen UNAMA-nyň wekiliniň Owganystanyň meselelerini çözmek baradaky duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekilhanasynyň (UNAMA) wekiliniň orunbasary bu ýurduň meselelerini çözmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy nygtadylar.

Talyban 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýete gaýdyp geleli bäri, halkara jemgyýetçiliginiň bu topary resmi taýdan ykrar etmezligi we bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek islemezligi sebäpli Owganystan gaty kyn ykdysady şertlere sezewar boldy.

Eýran Yslam Respublikasy, syýasy gepleşiklere başlamak we bu ýurtda giňişleýin hökümet gurmak arkaly Owganystandaky häzirki ýagdaýdan çykmagyň ýoluny yglan etdi.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Eýranyň ilçisi we Prezidentiň Owganystandaky meseleler boýunça ýörite wekili "Hasan Kazemi Komi" we BMG-nyň Owganystandaky wekilhanasynyň (UNAMA) wekiliniň orunbasary "Markus Potzel" bu duşuşykda durnukly we asuda Owganystana kömek etmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we utgaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Kazemi Komi ondan ozal BMG-nyň Owganystandaky wekiliýetiniň başlygy Roza Otunbaýewa bilen giňişleýin hökümet gurmak we owgan aýal-gyzlarynyň we bosgunlarynyň hukuklary barada pikir alyşdy.