Hojjatul Islam Siddiqi: Amerika Yslamy ýok etjek bolýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21064-hojjatul_islam_siddiqi_amerika_yslamy_ýok_etjek_bolýar
Tähranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Yslamy we ynkylaby ýok etmek baradaky meýilnamalaryna barada durup geçip, Amerikanyň hemişe propaganda arkaly adamlaryň ynançlaryna we pikirlerine aralaşmaga synanyşýandygyny aýtdy.
(last modified 2023-03-24T12:40:46+00:00 )
Mar 24, 2023 17:40 Asia/Ashgabat
  • Hojjatul Islam Siddiqi: Amerika Yslamy ýok etjek bolýar

Tähranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Yslamy we ynkylaby ýok etmek baradaky meýilnamalaryna barada durup geçip, Amerikanyň hemişe propaganda arkaly adamlaryň ynançlaryna we pikirlerine aralaşmaga synanyşýandygyny aýtdy.

EýranPressiň beren habaryna görä; Hojjatul Islam we muslemin "Kazem Siddiqi" Tähranda juma namazda beren gürrüňlerinde Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň başyndan bäri Amerika yzygiderli uruş, sanksiýalary, terrorçylygy, etniki tapawutlary ulanyp, mynafyklar arkaly howp döredip, dürli pitne we gozgalaňlary başlatdy we şeýdip, güýz gozgalaňynda bilelikde söweş başlady we ulumsy ýurtlaryň hemmesi bu ulgamy agdarmak üçin birleşdiler diýdi.

Hojatul Islam Seddiki şeýle-de, sanksiýalara, embargo we terrorlara we her dürli namardlarça hereketlerine garamazdan Eýranyň soňky 44 ýylda ösüş gazanandygyny aýtdy.

Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Daşarky basyşlara we bilelikdäki söweşe garamazdan, Eýranyň 13-nji hökümeti halkyň goldawy we düşünjesi bilen möhüm üstünlikleri gazandy diýdi.