Irawani: Birtaraplaýyn mejbury çäreler durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge päsgelçilik döretdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21068-irawani_birtaraplaýyn_mejbury_çäreler_durnukly_ösüş_maksatlaryna_ýetmäge_päsgelçilik_döretdi
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani Arassa suw we arassaçylyk ýaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek birtaraplaýyn mejbury çäreleriň päsgelçiliklerine sezewar boldy diýdi.
(last modified 2023-03-25T01:43:15+00:00 )
Mar 25, 2023 06:43 Asia/Ashgabat
  • Irawani: Birtaraplaýyn mejbury çäreler durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge päsgelçilik döretdi

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani Arassa suw we arassaçylyk ýaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek birtaraplaýyn mejbury çäreleriň päsgelçiliklerine sezewar boldy diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw konferensiýasynda, beýleki maksatly ýurtlar ýaly Eýranyň hem adamkärçiliksiz we rehimsiz birtaraplaýyn mejbury çäreleriň täsirinde galandygyny aýdyp Arassa suwdan we arassaçylykdan peýdalanmak ýaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, birtaraplaýyn mejbury çäreleriň päsgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz boldy diýdi.

Bu hereketler adam hukuklaryna, esasanam ösüş hukugyna, saglyga we daşky gurşawa gönükdirilen tehnologiýalara girmek hukugyna ters gelýär diýip Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani sözüne goşdy.