kanani: Eýran Sionist režimiň piltikleriniň garşysynda parhsyz oturmaz
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yslam respublikasynyň Sionist režimiň Azerbaýjan respublikasynyň çäginden Eýrana garşy alyp barýan pitnelerine biperwaý garamaýandygyny aýdyp Azerbaýjan respublikasynyň ýolbaşçylaryndan sionistler bilen şertnamalary hakda düşündiriş talap etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Chafi", Sionist režimiň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen baglaşylan "Eýrana garşy bitewi fronty döretmek" adyndaky şertnama baradaky sionist režimiň aýdanlaryny sionist režimiň Azerbaýjan respublikasynyň çägini Eýrana garşy howp meýdançasyna öwürmek dogrusyndaky erbet niýetleriniň ýene bir şaýady hasaplady we ony berk ýazgardy.
Kanani Çafi, Sionist regžimiň Daşary işler ministriniň Eýrana garşy bitewi fronty döretmek baradaky beýanatlaryny, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasy bilen Sionist režimiň arasyndaky "strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyry" baradaky aýdanlaryny Eýrana garşy hyzmatdaşlygyň ugrunda bilip azerbaýjan resmileriniň düşündirişini isledi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň açylmagy bilen bir wagtyň özünde sionist režimiň Daşary işler ministri Eli Kohen Tel Awiw bilen Bakuwyň arasynda Eýrana garşy hyzmatdaşlygyň artmagy barada çykyş etdi.