Amir Abdollahýan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gyssagly ýygnak geçirilmegini isledi
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian sionist režimiň Al-Aqsa metjidine eden soňky hüjümine garşy gyssagly ýygnagyň geçirilmegini isledi.
Sionist esgerleri 5-nji aprel, çarşenbe güni irden Al-Aqsa metjidindäki Al-Kubali metjidiniň zyýaratçylaryna hüjüm etdiler we zyýaratçylary metjitden çykarmaga synanyşdylar. Bu hüjümde birnäçe palestinaly ýaralandy.
Sionist režimiň bu hüjümlerine we jenaýatlaryna jogap hökmünde palestinaly garşylyk toparlary soňky 72 sagadyň dowamynda Gaza zolagynyň serhedindäki Sionist şäherçelerini birnäçe gezek raketalar bilen nyşana aldylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni agşam Huseýin Amir Abdollahian Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Huseýin Ebrahim Taha bilen Sionist režim tarapyndan Al-Aqsa metjidine soňky hüjümi we masgaralanmagy barada pikir alyşdy we maslahatlaşdy.
Amir Abdollahian bu telefon söhbetdeşliginde, Sionist režimiň Al-Aqsa metjidine eden soňky hüjümine garşy göreşmek üçin agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gyssagly ýygnagyny geçirmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň bu duşuşygy geçirmekde islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Huseýin Ebrahim Taha hem bu telefon söhbetdeşliginde sionistleriň Al-Aqsa metjidine eden soňky hüjümini ýazgarmak bilen, sionist režimiň soňky gazaply hereketine garşy göreşmek üçin geljek günlerde ýerine ýetiriji komitetiň derejesinde guramanyň agza ýurtlarynyň wekilleriniň ýygnagynyň geçiriljekdigini habar berdi.