Galibaf: Häzirki wagtda sionist režimi taryh boýunda iň gowşak ýagdaýyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21242-galibaf_häzirki_wagtda_sionist_režimi_taryh_boýunda_iň_gowşak_ýagdaýyndadyr
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy häzirki wagtda sionist režimi taryh boýunda iň gowşak ýagdaýyndadygyny aýtmak bilen garşylyk frontunyň güýji bu režimi gorkak hereket etmäge mejbur edendigini aýtdy.
(last modified 2023-04-09T06:28:51+00:00 )
Apr 09, 2023 11:28 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Häzirki wagtda sionist režimi taryh boýunda iň gowşak ýagdaýyndadyr

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy häzirki wagtda sionist režimi taryh boýunda iň gowşak ýagdaýyndadygyny aýtmak bilen garşylyk frontunyň güýji bu režimi gorkak hereket etmäge mejbur edendigini aýtdy.

Sionist harbylar soňky jenaýatlarynda Al-Aqsa metjidindäki Al-Kubali mukaddes mekanynyň zyýaratçylaryna hüjüm etdiler we Palestinalylary urup ýençdiler we köpüsini ýaraladylar we tussag etdiler bu bolsa giň sebitleýin reaksiýa sebäp boldy.

Beýt Al-Mukadds şäheriniň Yslam-Palestina şahsyýetiniň esasy nyşany hökmünde Al-Aqsa metjidi, Kudusy basyp alyjy režiminiň weýrançylykly hereketleriniň hemişe nyşany bolandyr.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bagyr Galibaf" şu gün (ýekşenbe) Mejlisiň açyk ýygnagynda beren gürrüňlerinde Sionist režim, garşylyk frontunyň goldawy bilen wada berlen güni olara berk we agyr jeza garaşýandygyny bilýär diýdi.

"Galibaf" şeýle-de musulmanlaryň ilkinji kyblasy bolan Al-Aqsa metjidiniň hormatynyň aýak aşaga salynmagyny, zyýaratçylary we ybadat edýänleri şol mukaddes ýerde tussag etmegi we ýenjilmegini, Sionist režimiň Gazada we Günorta Liwanda wagşyçylykly hüjümlerini berk ýazgarmak bilen onýyllyklaryň dowamynda sionist režim ähli halkara kanunlaryny bozup, gözegçiliksiz we barha köp jenaýat edýän maşyna öwrüldi diýip sözzlerine goşdy.

Mejlisiň başlygy şeýle hem dünýä musulmanlary Palestindäki batyr we çydamly doganlaryny goldamak üçin agzybirdir we şu ýyl hem Kuds gününde olaryň şöhratly ýörişleri Mukaddes Kuds Şerifiň idealyny  has ýokary we has täsirli boljakdygyny we Sionist režime bolan ýigrençiň öňküsinden has janly boljakdygyny görkezer diýdi.