Raisi Başar Assad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde:Garşylyk hereketi üçin geljek aýdyňdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21272-raisi_başar_assad_bilen_telefon_arkaly_söhbetdeşlikde_garşylyk_hereketi_üçin_geljek_aýdyňdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Siriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde garşylyk hereketiniň geljeginiň ýagtydygyny aýtdy.
(last modified 2023-04-09T12:40:01+00:00 )
Apr 09, 2023 17:40 Asia/Ashgabat
  • Raisi Başar Assad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde:Garşylyk hereketi üçin geljek aýdyňdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Siriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde garşylyk hereketiniň geljeginiň ýagtydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, şu gün (ýekşenbe) Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mukaddes Remezan aýyny gutlap, dünýä ulgamynyň garşylyk okunyň peýdasyna we ulumsy regime we sionist režime garşy üýtgeýändigini aýtmak bilen bu režimiň jenaýatlary, ejizliginiň we umytsyzlygynyň alamaty we garşylyk hereketi üçin geljegiň ýagty we umyt döredijidiginiň subutnamasydyr diýdi.

Prezident Raisi şeýle-de basylyp alnan ýerlerdäki wakalara ünsi çekip, Sionist režimiň jenaýatlary gowşaklygyň alamaty we garşylyk hereketi üçin ýagty geljegiň subutnamasydyr diýip beýan etdi.

Siriýanyň territorial bitewiligine hormat goýmagyň zerurdygyna ünsi çeken Raisi, terrorçylyga garşy ýeke-täk ýoluň Siriýanyň milli özygtyýarlylygyny goldamakdygyny aýtdy.

Siriýanyň prezidenti "Başar Assad" hem bu telefon söhbetdeşliginde mukaddes Remezan aýyny prezident Raisi-e gutlap Eýranyň we Siriýanyň dört onýyllykdaky umumy duşmanlara garşy durşuna yşarat edip, häzirki wagtda garşylygyň we esasanam Palestina halkynyň çydamynyň netijesi bolan Sionist jemgyýetinde çökmegiň alamatlary görünip durandyr diýdi.