Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Bütindünýä Kuds gününiň öňüsyrasyndaky beýany
Eýranyň Daşary işler ministrligi Kuds gününiň öňüsyrasynda çykaran beýannamasynda halkara we adam hukuklary guramalarynyň we edaralaryň basyp alnan Palestinada adamlaryň hukuklaryny goldamak, basyp alyşlygy bes etmek we sionistleriň jenaýatlaryny duruzmak baradaky kanuny borçlaryny ýada saldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Bütindünýä Kuds güni mynasybetli beren beýanynda häzirki wagtda Palestina we Kuds Şerifiň Yslam dünýäsiniň agzybirliginiň nyşanydygy we her jynsdan, dinden we mezhepden ezilen we azatlyk gözleýänleriň hukuklarynyň nyşanyna öwrülendigi aýdylýar.
Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Ymam Homeýni (RA) özüniň öňdengörüjiligi bilen mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip atlandyrdylar, şeýlelik bilen dünýäniň erkin we musulman halklary raýdaşlyk we agzybirlik bilen Kuds gününiň we ezilen Palestina halkyny goramagyň ähmiýetini dünýä görkezip biler ýaly.
Bu beýannamada şeýle diýilýär: Palestina halkyna edilýän zulum we Palestina topragynda bolup geçýän wakalaryň hakykaty şu ýyl Kuds gününde bütin dünýäde erkinligi söýýän adamlar we adalat gözleýän ýüzlerçe million adamyň agzyndan eşidiler we Palestinanyň azat edilmegini diňe bir Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesi hökmünde däl-de, eýsem adam hukuklarynyň we halkara kanunlarynyň we düzgünleriniň gödek bozulmagynyň iň aýdyň mysaly hökmünde talap ederler.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Daşary işler ministrliginiň beýanynda şeýle diýilýär: Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň aýdyşlary ýaly, ulumsylyk we sionizm syýasaty, musulman jemgyýetleriniň aňynda Palestina meselesini ünsden düşürmek we ony ýatdan çykarmakdyr.
Bu beýannamada şeýle diýilýär: Sionist terroristler diňe täze ýylyň ilkinji üç aýynda çagalar we aýallar bilen birlikde ýüz töweregi palestinalyny şehit eden hem bolsa, günbatarly adam hukuklaryny talap edýänler we Sionist basyp alyjy režimini goldaýanlar, şol sanda ABŞ we birnäçe Ýewropa ýurtlary bu jenaýatlaryň garşysynda utanmany dymyp, terrorçylygyň iň uly tarapdarlary boldular.