Raisi: Sionist režimiň jenaýatlarynyň öňüni almagyň ýeke-täk ýoly musulmanlaryň agzybirligi
Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde halkara ýygnaklaryň passiwligine garşy diňe sionist režimiň agressiýasynyň öňüni alyp biljek zadyň musulmanlaryň agzybirligidigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi, anna güni agşam Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Remezan aýyny gutlamak bilen Yslam dünýäsiniň dürli meseleleri, esasanam sionist režimiň Al-Aqsa metjidine, Gaza we Liwana çozmagy we bihormatçylyk etmegi Yslam ýurtlaryndan bu agressiw hereketlere garşy göreşmek we hyzmatdaşlygy talap edýär diýdi.
Raisi şeýle-de Gazagystany Eýranyň goňşusy we ýakyn dosty hasaplady we Eýranyň Gazagystanyň açyk suwlara çalt girmegi we howpsuz geçmegi üçin iň amatly wariantdygyny aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Gazagystanyň prezidenti Kasem Jomart Tokaýew hem Musulman ýurtlary hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we özara geňeşmeleri giňeltmek arkaly Yslam dünýäsiniň meselelerini çözmeli diýdi.
Şeýle hem Gazagystanyň prezidenti Eýran bilen Gazagystany biri-biri üçin ýakyn goňşular we ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde häsiýetlendirdi.