Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: akyla laýyk çäre görülse, duşmanyň hasaplamalaryny ýeňip bolar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri akyla laýyk we rasional hereket etseňiz, duşmanyň hasaplamalaryny ýeňip bilersiňiz diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, ýekşenbe güni Eýranyň ýaragly Güýçleriniň serkerdeleri we ýokary derejeli resmileri bilen bolan duşuşygynda Hezreti Aly(a.s)iň sözlerine salgylanyp bu güýçleri ýurduň we milletiň berk diwarlary diýip atlandyryp bu örän uly wezipedir we Hudaýa şükür, ýaragly güýçler bu buýsançly wezipä baha bermek bilen öz borçlaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanýarlar diýdiler.
Ol hezretleri sözüniň dowamyhnda ýaragly güýçleriň yzygiderli hereketinden we öňegidişliginden hoşaldygyny mälim edip olara garap güýç we ösüş bilen asla kanagatlanmaň we durman öňe gitiň diýdiler.
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesi, Gurhanyň aýatyna salgylanyp, hemişe taýynlygy Hudaýyň buýrugy we Hudaýyň we milletiň duşmanlary üçin gorky çeşmesidir diýmek bilen howp hiç haçan ýitip gitmez, şonuň üçin taýýarlyklaryňyzy mümkin boldugyça köpeltmelidirsiňiz diýip nygtap geçdiler.