Eýranyň prezidenti: Eýranyň ýaragly güýçleriniň Amerikan esgerlerine sargydy; Sebitden tiz çykyň
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň we ýaragly güýçleriniň sebitden daşary güýçlere, esasanam Amerikan goşunyna bolan sargydy gysga wagtda sebiti terk etmekleridir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Goşun güni paradynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň sebit üçin howpsuzlygy üpjün edýändigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň sebitdäki ýurtlar üçin sargydy parahatçylyk we dostlukdyr we sebitiň howpsuzlygyny goramak isleýän her bir elini garşy alýar we silkýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Eýranyň ýaragly güýçleri sebitiň howpsuzlygynyň kepilidir we sebitden daşary güýçler sebit howpsuzlygyna goşant goşmaýarlar diýip belläp geçdi.
Raisi sebitiň halklaryna ýüzlenip: Eýranyň goşuny we ýaragly güýçleri sebitdäki halklaryň howpsuzlygyny, rahatlygyny we asuda durmuşyny elmydama goldar we hökümet ýaragly güýçleri enjamlaşdyrmaga we goldamaga borçlydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Yslam rewolýusiýasynyň duşmanlary esasanam sionist režimi Eýran Yslam Respublikasyna garşy edilen sähelçe hereketiň Eýranyň ýaragly güýçleriniň berk jogaby bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny we Eýranyň howpsuzlygyna garşy iň kiçijik ýalňyşlygyň Tel Awiwiň we Haýfanyň weýran bolmagy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny bilmelidirler diýip sözlerine goşdy.
Şu gün, sişenbe, 29-njy Farwardin (18-nji aprel), Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň işgärleriniň edermenligini we batyrlygyny hormatlaýan gündyr.