Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: ٍEýran idealizm, umyt we rasionalizma mätäçdir
(last modified Wed, 19 Apr 2023 08:21:17 GMT )
Apr 19, 2023 13:21 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: ٍEýran idealizm, umyt we rasionalizma mätäçdir

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri duşmanyň islegleriniň tersine, talyplar jemgyýeti Eýran jemgyýetiniň aňynda we hakykatynda üýtgeşiklik girizmeli, soňra bolsa uzak möhletleýin gözýetimde dünýäniň aňynda we hakykatynda üýtgeşiklik döretmelidir diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi sişenbe güni agşam dürli talyp guramalarynyň we aktiwistleriniň müňden gowrak agzasy bilen bolan duşuşygynda talyplary we olaryň işlerini  ýurt üçin bir pursat we gymmatlyk hasaplap Talyplaryň we talyp toparlarynyň esasy epistemiki esaslaryny berkitmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtamak bilen, adalaty epistemiki esaslaryň biri hasapladylar we Adalatyň iň möhüm mysaly deňsizligi ýok etmekdir diiýp nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi talyp aktiwistleriniň toparynda çykyşyny dowam etdirip, talyplaryň işine howp salýanlara garşydygyny aýdyp meniň anyk we kesgitli pikirim, okuwçynyň, alyp barýan işleri we talaplary, ýurduň meselelerine jogapkärçilik duýgusy, meseleleri çözmäge höwesi we jemgyýetçilik wakalaryna we syýasy çärelere bolan höwesli bolmagy pursat we gymmatlykdyr diiýp beýan etdiler.