Raisi: Sionist režimiň çozuşlaryny ýazgarmak ýeterlik däl
Sionist režimiň Al-Aqsa metjidine we goragsyz palestina halkyna eden hüjüminde eden soňky jenaýat işine salgylanyp, Eýranyň prezidenti bu çozuşlara garşy ýigrenjini ýazgarmaklygy we yglan etmekligi ýeterlik hasaplamady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ebrahim Raisi çarşenbe güni yslam ýurtlarynyň ilçileri we işewür adamlary bilen agzaçar naharynda, Oraza baýramyny öňünden gutlap, sionist režimiň Al-Aqsa metjidine we goragsyz palestinalylar garşy eden eden soňky jenaýat işine salgylanyp, bu çozuşlary ýigrenýändigiňi aýtmaklygy ýeterlik hasaplamaýandygyny nygtap geçdi.
Häzirki wagtda musulman halklarynyň tamasy, Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy durmak we ezilen Palestina halkyny goldamak üçin amaly çäredir diýip prezident Raisi sözüne goşdy.