7-ler topary Eýrana esassyz we ýalan töhmet atmakdan saklanmalydyr
Eýranyň Daşary işler ministrligi ýediler toparyň ýolbaşçylaryna Eýran Yslam Respublikasyna esassyz we ýalan töhmet atmakdan saklanmagy we birek-birege hormat goýmak esasynda real çemeleşmegi maslahat berdi.
Eýranyň Daşary işler ministrligi, Ýediler toparyň Daşary işler ministrleriniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy aýyplamalaryny esassyz we hyýanatçylykly hasaplady we ýazgardy.
Ýaponiýada iki gün dowam eden duşuşygyň ahyrynda eden çykyşynda “Ýediler topary” diýlip atlandyrylýan dünýäniň ýedi senagat taýdan ösen ýurdunyň daşary işler ministrleri, Eýran Yslam Respublikasyna we parahatçylykly ýadro maksatnamasyna garşy esassyz talaplary öňe sürdüler.
Ýediler toparyň daşary işler ministrleri şeýle hem Eýranyň Ukraina söweşinde ulanmak üçin Russiýa ýarag iberendigini öňe sürdi we bu işiň bes edilmegini isledi. Bu bolsa Ukrainanyň hökümeti ýa-da beýleki ýurtlar tarapyndan şu wagta çenli resminama berilmedik talap.