Amir Abdollahian: Sionist režim sebit üçin iň uly howpdyr
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu ýurduň Palestina halkyny we Kuds Şerifdäki mukaddes ýerleri goldamak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen Sionist aparteid režimi sebit we yslam halky üçin iň uly howpdyr diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni agşam Huseýin Amir Abdollahian Aýman Safadi bilen iki ýurduň ikitaraplaýyn we sebit ugurlaryndaky iň möhüm meseleler boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Amir Abdollahian, Yslam dünýäsiniň agzybirliginiň we sionistleriň ellerini Al-Aqsa metjidinden kesmeginiň we Palestinanyň hukuklarynyň doly üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Ol şeýle-de golaýda Ammana eden saparyna we Iordaniýa şasy bilen duşuşmagyna ünsi çekip, Eýranyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Iordaniýanyň Daşary işler ministri hem Eýranyň hökümetini we halkyny Oraza baýramynyň gelmegi bilen gutlady we Ammanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Aýman Safadi şeýle hem Eýran sebitdäki möhüm ýurt we biz Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly ähmiýet berýäris diýdi.
Ol şeýle-de Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dikeldilmegini garşy alyp, bu möhüm ösüşi gutlady.