Amir Abdollahian: Uruş Ukrainadaky konfliktiň çözgüdi däl
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21482-amir_abdollahian_uruş_ukrainadaky_konfliktiň_çözgüdi_däl
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ukraina meselesindäki esasy pozisiýalaryny düşündirdi we urşuň Ukrainadaky konfliktiň çözgüdi däldigini aýtdy.
(last modified 2023-04-26T00:14:33+00:00 )
Apr 26, 2023 05:14 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Uruş Ukrainadaky konfliktiň çözgüdi däl

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ukraina meselesindäki esasy pozisiýalaryny düşündirdi we urşuň Ukrainadaky konfliktiň çözgüdi däldigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni BMG-nyň Ynsanperwerlik we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş sekretary Martin Griffitsiň Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen duşuşygynda Siriýa, Yemen ýurtlarynyň şertleri we gumanitar ýagdaýy ýaly umumy gyzyklanma döredýän meseleler, Owganystan we Ukraina meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Amir Abdollahian, Ukraina barada bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň bu konflikt bilen baglanyşykly esasy pozisiýalaryna ünsi çekdi we Eýran söweşde haýsydyr bir tarapa harby kömek bermeýär we urşy çözgüt hasaplamaýar diýip yglan etdi.

Ol şeýle-de  Eýran, ähli ýurtlary, şol sanda Ukrainany özygtyýarlylygy we territorial bitewiligi bilen goldaýar diýip sözüne goşdy.

Bu duşuşykda BMG-nyň Baş sekretaryň ynsanperwerlik we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça kömekçisiniň orunbasary Martin Griffiths Amir Abdullahian-a gumanitar meseleler babatynda edýän tagallalary barada habar berdi we Owganystandaky we Ukrainadaky gumanitar ýagdaýlar baradaky pikirlerini düşündirdi.